S Beater şarkı sözleri
Oglum bilen oýnajak men howlukman
Oňa gerek bolsa mende kän wagt bar
Oglum bar diýmek mende uly tagt bar
Mende boýy kiçi ýöne gaty uly bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Mende boýy kiçi ýöne gaty uly bagt bar
Gaýyp ýörin howada
Unudyp kim erbet, kim gowy adam
Görünýän ýaly söýgi atly ol ada
Eşdilýär şeýle bir süýji owazam
Öň halys ýeke ekenim ýeke elenip
Indi günläp eglenip tutup oglumyň elini
Dünýämi üýtgetdi oglumyn geleni
Oglum uçin sag bol öýdäki gelinim
Dostlarymam birde bar birde ýok ýaly
Sowuk ýüzleri birde gar birde ot ýaly
Gürrüňlerime birde zar birde dok ýaly
Menem ýumşak birde şar birde ok ýaly
Ýiti, birde yürege düşýän bir gidýän ýitip
Käsi görýä gaty käsi görýä ýakyn
Hemmä ýaranmak kyn
Oglum ýylgyrýa bitirýä ýaralamy
Oglum bilen oýnajak men howlukman
Oňa gerek bolsa mende kän wagt bar
Oglum bar diýmek mende uly tagt bar
Mende boýy kiçi ýöne gaty uly bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Mende boýy kiçi ýöne gaty uly bagt bar
Oglumyň gözlerinde täze bir dünýä görýän
Indi men ol täze dünýäde döwran sürýän
Gürläp bilmesede güýmeýä meni gürläp
Menem ýatýan diňläp gujagynda myrlap
Er çykanda mer bolgun oglum
Her geregiň derdine der bolgun oglum
Elmydama gülle, ýerinde solgun oglum
Wajyp aýdylan däl uzadylan goldur oglum
Ahyr hemme zat gowy bolar
Tutup bilmeýäniň özi ýanyna gonar
Märekeden dolar çolalyk çolaň
Özüň adam bol köpeler dostuň joraň
Garada siňe seretseň ak görýäň
Joşsada köşeşýär ahyr hemme derýa
Zalymam balasyna gujak gerýär
Çeplegem sag elinde Salam berýär
Oglum bilen oýnajak men howlukman
Oňa gerek bolsa mende kän wagt bar
Oglum bar diýmek mende uly tagt bar
Mende boýy kiçi ýöne gaty uly bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Bagt bar mende bagt bar
Mende boýy kiçi ýöne gaty uly bagt bar