s3int goyber (feat. k3i.g) şarkı sözleri
Köp zat ýene täzeden geler yzyna
Ýöne sen goýber sen yzyna goýber
Olar meni aldaýa olar meni söýenok
Diňe sen sen söýýäň diňe sen söýýäň
Hakykat gözlerimizi ýumýa howa men çydaýan
Göz ýaşdan döredi umman döredi umman
Taýyn gözlerimi ýummana ýöne sen dymýaň
Taýyn senem şondada meň gujagyma dolmana
Gaýdyp gelerin garypja kalbyma sil gelen
Ýol belet meniň durmyşyma il belet biziň bolyşymyza
Ýagmyr ýagar suwa garylan bu duýgylar ýürekden çykar
Ýagyşyň aşagynda seň daşyňdan aýlanaryn ýene oýlanaryn
Geçenler barada çykanok ýatdan
Garalyp galdy seň ýakan otlaň
Getirdiň yzyna duýgularymy getirdiň yzyna
Bölünmez ýurekler dälije aklyň düzelmez
Daş sen aradan meni asmana uçursa ýaradan
Gelip gideýin bu dünýä sen gözlerime görünýäň
Ýöne ýazylmadyň maňlaýyma
Sözleriň deşdi meň ýüregimi
Syn edip küýseýän suratyňa
Howa düşünýän düşünmek kyn maňa
Ýumýaryn gözlerimi gözlerime görünýäň
Sowuk gijede sensizlikde üşeýän
Köp zat ýene täzeden geler yzyna
Ýöne sen goýber sen yzyna goýber
Olar meni aldaýa olar meni söýenok
Diňe sen sen söýýäň diňe sen söýýäň
Hakykat gözlerimizi ýumýa howa men çydaýan
Göz ýaşdan döredi umman döredi umman
Taýyn gözlerimi ýummana ýöne sen dymýaň
Taýyn senem şondada meň gujagyma dolmana
Seň gözleriň adyňy aňyma ýazdyran sözlerim
Men bilmedim unudaly gowysy hemmezady
Manysyz indi hemmezadam düşünmek kyn düşünüşmek kyn
Söýginiň içinde her geçenden geçeli indi hasratlaň içinden
Ýene hemme zat tersine sen gaharly sögünýäň maňa
Biz gaharjaň sögüşýäs ýene durmuş garaňky görünýä maňa
Ýagyşyň damjasy ýaly sen durmuşyň ajysy ýaly sen
Gujakla soňky gezek sen söýmeseň bu dünýä nä gerek
Arzuw edýän hemme zadyň gowsyny sen ýanymda däl
Şondada dileýän gowlygy wagtam barýa howlygyp
Seni menden aýyrýa menem darygýan sensizlikde
Dört diwar arasynda ýenede otyrýan ýekelikde
Sanaýan günleri naçe wagt aýry biz indi
Tümlügiň içinde nätanyş yerler nätanyş yüzler tanamok hiçkimi
Sen gerek men nä belet düşünüksiz ýagdaý düşündir maňa
Ýürekdäkini aýtmak kyn bolsada bilýäňmi söýdüm men seni
Köp zat ýene täzeden geler yzyna
Ýöne sen goýber sen yzyna goýber
Olar meni aldaýa olar meni söýenok
Diňe sen sen söýýäň diňe sen söýýäň
Hakykat gözlerimizi ýumýa howa men çydaýan
Göz ýaşdan döredi umman döredi umman
Taýyn gözlerimi ýummana ýöne sen dymýaň
Taýyn senem şondada meň gujagyma dolmana

